Dükan nädip açmaly?

Internet Magazin


        Elýeterli online internet söwda merkezinde müşderi hasaby we internet dükanyny açmagyň tertibi.


  1. Hasap açyň - Ilki bilen bu sahypadaky *-ly ähli ýerleri kemçiliksiz dolduryň;
  2.  Dükan açmak - isleýän müşderilerimiz bolsa sahypanyň soňyndaky "Internet Dükan Açyň" bölüminden "Dükan açmak isleýäňizmi?" diýen soraga "Hawa" diýip jogap beriň we "Dükanyň Ady" diýen ýere açmak isleýän dükanyňyza at ýazyň;
  3.  Düzgünnama - sahypanyň soňyndaky "Hasap açma düzgünnamasyny" okadym we kabul edýärin diýip belläň;
  4.  Hasaby aç - Dowam diýen düwmä basyp hasabyňyzy açyň.


        Bellik: Diňe haryt satyn almak isleýän müşderilere "Internet Dükan Açyň" diýen bölümi doldyrmak hökmany däldir. Müşderi bolanyňyzdan soňra islän harydyňyzy satyn alyp bilersiňiz. Hasap açynyňyzdan soňra halaýan harytlaryňyzy bellik edip özüňizde saklap bilersiňiz, arzanladyşdaky birnäçe harytlary hem görüp bilersiňiz.


        Geljekde dükan açyp haryt satmak isläniňizde bolsa "Hasabym" bölümine girip dükan açma talabyňyzy ugradyp dükanyňyzy açyp bilersiňiz. 


        Hasabyňyz açylandan soňra siziň elektron poçtaňyza hasabyňyzyň açylandygy barada hat geler. 


            Häzirki wagtda elýeterli - internet söwda merkezinde dükan açmaklyk mugt. Dükan açyp dükanyňyzda ýüzlerçe hat-da müňlerçe harytlaryňyzy mugt satyp bilersiňiz. Söwda merkezimiziň açylyşy mynasybetli 2018-nji ýylyň mart aýynyň soňyna çenli söwda merkezimizdäki dükanlar üçin, satýan harytlaryňyz üçin sizden hiç hili pul talap edilmez.


      Telefondan dükan açmak üçin aşakdaky suratlary görüp dükanyňyzy açyp bilersiňiz. 







Üstünlik! Dükanyňyzy açmagy başardyňyz.